Baş sahypa
\
Sport
\
Ýulduz Jumabaýewa — agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň baýragyna eýe boldy
Sport
Ýulduz Jumabaýewa — agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň baýragyna eýe boldy
Çap edildi 20.12.2018
4864

Agyr atletika boýunça Kataryň 5-nji halkara kubogy ugrunda Dohada geçirilýän ýaryşlarda türkmen topary ilkinji medaly gazandy. 49 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa çykyş edip, itekläp götermekde 100 kilogramy galdyrmagy başardy. Bu bolsa agyr atletikaçy türkmen türgenine bürünç medaly getirdi. Jemi göteren agramy boýunça 175 kilogram netije ýaryşda bäşinji görkeziji boldy. Ýaňy-ýakynda, noýabr aýynda agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde Ý.Jumabaýewanyň iki kümüş we bir bürünç medala mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Dohada dowam edýän ýaryşlar 2020-nji ýylda Tokioda (Ýaponiýa) geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama bäsleşikleriň möhüm tapgyrydyr.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow