Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýaş türkmenistanlylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Jemgyýet
Ýaş türkmenistanlylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Çap edildi 01.01.2019
2131

Şu gün, täze ýylyň ilkinji güni Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda ýola goýlan asylly däbe görä, Döwletliler köşgüniň çagalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada ýadawsyz alada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bagtly çagalygy üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösmegi, bilim we terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şeýle aladalar netijesinde biziň çagalarymyz döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň köp sanly mümkinçiliklerine eýe bolýarlar. Olar her ýyl ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän abraýly bäsleşiklere we festiwallara işjeň gatnaşýarlar. Çagalary şatlykly baýramçylyk bilen gutlamak üçin milli parlamentiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, ýaşlar, zenanlar hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler. Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň belli aýdymçylary, sazandalary, artistleri ýygnandylar. Olar çagalar bilen bilelikde söýgüli erteki gahrymanlaryny, şol sanda Aýazbabany we Garpamygy mähirli garşyladylar. Soňra bu ýerde baýramçylyk şatlygyna beslenen Täze ýyl konserti guraldy, oňa döredijilik toparlary, estrada aýdymçylary we sirk sungatynyň ussatlary gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli toý lybaslaryna beslenen şadyýan çagalar dürli oýnawaçlar hem-de dürli öwüşginli çyralar bilen bezelen arçanyň daşynda gol tutuşyp, Täze ýyl aýdymlaryny aýtdylar we baýramçylyk goşgularyny okadylar. Dabaranyň ahyrynda Döwletliler köşgüniň çagalary ajaýyp sowgatlar we bagtly çagalyk üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Okuwçylar okuwda we döredijilikde täze üstünlikleri gazanmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglygyny, mähriban halkymyza hem-de her bir maşgala bagt getirjek ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde täze üstünlikleri, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
top-arrow