Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna
Jemgyýet
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna
Çap edildi 27.02.2015
1563

Ženewa, 27-nji fewral (TDH). Şu gün Ženewa şäherindäki (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Milletler Köşgüniň Türkmen zalynda şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň şanyna Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan duşuşyga Şweýsariýada işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna bagyşlanyp geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Onuň ýörelgeleri halkara syýasatynyň we ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertine öwrülip, netijeli döwletara gatnaşyklary üçin esas bolup hyzmat edýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edilmegi mynasybetli täze dünýä taryhynyň we halkara diplomatiýasynyň şanly senesine öwrüldi. Täsin halkara hukuk derejesi diňe giň gerimli döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl-de, eýsem, sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan saýlap alan ugruna eýermek bilen, geçen ýyllaryň içinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň diňe sebitde parahatçylygy we ynanyşmak ýagdaýyny saklamak işinde däl-de, eýsem, syýasy-diplomatik usullary ulanmak arkaly dünýäde ýüze çykýan ähli meseleleri çözmek üçin hem täsirli gural hökmünde ykrar edilmegi tötänden däldir. Duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde belleniljek şanly senä gabatlanan çäreleriň meýilnamasy bilen hem tanyşdyryldy.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow