Baş sahypa
\
Sport
\
«Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlarynda ýaryşlar dowam edýär
Sport
«Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlarynda ýaryşlar dowam edýär
Çap edildi 12.02.2019
4806

Şaýbaly hokkeý hem-de figuralaýyn typmak boýunça Türkmenistanyň milli ýygynydy topary 8-nji fewraldan bäri Sahalie oblastynyň Günorta —Sahalinsk (Russiýa Federasiýasy) şäherinde bolup, bu ýerde «Aziýanyň çagalary» atly birinji gyşky halkara sport oýunlaryna gatnaşýar. Biziň türgenlerimizde şunuň ýaly derejede sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlarda çykyş etmek tejribesi häzire çenli bolmady. Şeýle-de bolsa, ozal ýurdumyzyň wekilleri Ýakutskide geçirilen «Aziýanyň çagalary — 2019» atly tomusky oýunlaryň medallary ugrunda bäsleşdiler. Şonuň üçin türkmenistanlylaryň buzly meýdançalarda geçiren ilkinji çykyşlary dürli kynçylyklara sezewar boldy. Şeýle ýaryşlara gatnaşmak tejribesiniň bolmazlygy diňe ýeňşe bolan ymtylma hem-de beden taýdan taplanma bilen öwezini dolup bilmezdi. 11-nji fewralda, uýgunlaşma döwri hem-de oýunlarda güýçli türgenleşikler tamamlanandan soň, hokkeý ýaryşy başlanyp, onda Türkmenistanyň ýygyndy topary birinji oýunda Saha (Ýakutiýa) Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Biziň toparymyzyň derwezesini Söhbet Garlyýew gorady. Çekeleşikli göreşiň dowamynda türkmenistanlylar 17 — 2 hasaby bilen has tejribeli bäsdeşinden asgyn geldiler. Netijeli urgularyň ikisi hüjümçi Nowruz Baýhanowyň hasabyna ýazyldy. 12-nji fewralda Gazagystanyň hokkeýçileri bilen nobatdaky duşuşyk geçirilip, olar 34 şaýba salyp, toparymyzy ýeňdiler. 13-nji fewralda türkmen hokkeýçiler ýygyndysyna «W» toparyň güýçli ýygyndysy — Russiýa Federasiýasynyň Ural federal okrugyndan ýetginjekler bilen üçünji duşuşyk garaşýar. Bu duşuşygyň watandaşlarymyz üçin bäsleşik ähmiýeti bolmaz, emma sport tejribesini toplamak babatda onuň peýdasy uly bolar. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi onuň täzeleniş, tälim alyş, oýun tejribesini toplaýyş tapgyrynda bolup, dünýäniň dürli ýurtlaryndan tanymal bäsdeşler bilen ýaryşýandygyna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, zerur bolan hokkeý tejribesini alýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň oglanlarymyzyň we gyzlarymyzyň «Aziýanyň çagalary — 2019-da» çykyşlarynyň türkmen sporty üçin getirjek peýdasy örän uludyr. Türkmenistandan bolan gyşky sport görnüşleriniň wekilleriniň belli «hokkeýli» döwletler bilen bäsleşjek wagty indi daşda däl. 13-nji fewralda häzirki ýaryşlaryň buzly meýdançalaryna medallar ugrundaky bäsleşige ýaş figuraçylar girişerler. Biziň ýurdumyza paýtagtymyzyň mekdepleriniň okuwçylary Larisa Wahitowa hem-de Aýna Ekeýewa wekilçilik edýärler. Gyzlaryň ikisiniň hem halypasy Karina Mowsesýan, toparyň lukmany Kerimmuhammet Orazmämmedow hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sport mekdebiniň direktory Aýna Atdaýewa «Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlarynyň ýokary derejede guralyp, lyža ýollarynda, sport zallarynda we münberlerde höküm sürýän ajaýyp ýagdaýy belleýärler. Tomaşaçylar garyň seýrek ýagýan, sportuň gyşky görnüşleriniň bolsa ýaňy-ýaňy ösüp başlan ýurtlaryndan ýaryşa gatnaşyjylary şatlyk bilen garşylaýarlar. Sahalin oblastynyň tämiz howasy, depeleriň ýakynlygy, sowuk umman howasy bularyň hemmesi türgenleriň ýaşamagy, oýunlardan we türgenleşiklerden soň dynç almagy üçin ajaýyp şertleri döredýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow