Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri
Sport
Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri
Çap edildi 15.02.2019
4876

Russiýa Federasiýasynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlary dowam edýär. Şu gün «Kristal» sport köşgünde figuralaýyn typmak boýunça ýekelikde erkin maksatnama boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu oýunlara Türkmenistandan iki türgeniň — Larisa Wahitowanyň we Aýna Ekäýewanyň gatnaşýandygyny ýatladýarys. Bu bäsleşikleriň barşynda A.Ekäýewa erkin çykyşda 59.57 utuk toplap, jemleýji görkezijide aralyk ikinji orny eýeleýär. Larisa Wahitowa bije boýunça üçünji topara düşüp, 33 türgeniň arasynda on ikinji bolup, buzly meýdança çykdy. Biziň ildeşimiz çylşyrymly tilsimleri göwnejaý berjaý edip hem-de hiç hili ýalňyşlyk goýbermän, figuralaýyn typmakda ýekelikde çykyş edýän 12 türgen çykyş edenden soňra, ikinji orny eýeledi. Iki çykyşyň jemleri boýunça L.Wahitowa 90.46 utuk toplady we bu netije bilen şol pursatda diňe Gonkongdan gelen türgenden yza galdy. Bäsleşikler tamamlanandan soňra, L.Wahitowanyň tälimçisi metbugat merkezinde bu türgeniň çykyşynyň sport ussatlygyna dalaşgäriň derejesinde taýýarlanylandygyny hem-de figuralaýyn typmagyň dürli 11 tilsimini öz içine alýandygyny aýtdy. Ähli çykyşlaryň «arassa» ýerine ýetirilmegi ýokary baha mynasyp bolmaga esas döretdi. Türkmenistandan gelen figuralaýyn typýan türgen ilkinji gezek halkara ýaryşynda üç öwrümli böküşi, iki öwrümli aksel tilsimini, iki gezek hem kaskad tilsimini we beýlekileri ýalňyşsyz ýerine ýetirdi. — Ilkibaşda bu ýerdäki şertlere uýgunlaşyp, her günde iki gezek türgenleşmeli, aýazlara öwrenişmeli boldy. Bu ýerde hödürlenýän ýokumly iýmitler hem türgenlerimize oňyn täsirini ýetirdi diýip — tälimçi gürrüň berýär. Ýaryşlaryň iki gününiň jemleri boýunça biziň türgenlerimiz üstünlikli çykyş etdiler, bu bolsa Türkmenistanda sportuň bu görnüşiniň giňden ösýändigini aňladýar. 16-njy fewralda «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy bolar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow