Baş sahypa
\
Sport
\
«Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlary tamamlandy
Sport
«Aziýanyň çagalary — 2019» oýunlary tamamlandy
Çap edildi 16.02.2019
4809

Şu gün «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu ýerde geçirilen täsirli şüweleňde Sahaliniň häzirki zaman ýerine ýetirijileri, özboluşly halk döredijilik toparlary, zehinli ýaş aýdymçylar çykyş etdiler. Göwünleri galkyndyran owadan feýerwerk baýramçylygyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Bu ýaryşlarda Türkmenistanyň sportuň hokkeý hem-de figuralaýyn typmak görnüşlerinde wekilçilik edendigini ýatlamak bolar. Ýaryşlaryň dowamynda figuralaýyn typmakda gyzlarymyz şowly çykyş etdiler. A.Ekäýewa erkin görnüşdäki çykyşynda özboluşly typdy, L.Wahitowa bolsa örän çylşyrymly emelleri ynamly ýerine ýetirip, ýekeje-de düýpli kemçilik goýbermedi. Onuň ýerine ýetiren çykyşy sport ussatlygyna dalaşgärleriň derejesinde taýýarlanyldy. Hokkeý toparymyz örän güýçli garşydaşlar bilen üç duşuşyk geçirdi. Sportuň gyşky görnüşleri boýunça şeýle iri ýaryşlarda olaryň toplan oýun tejribesi geljekde peýdaly bolar. Ýurdumyzyň topary «Arena Siti» we «Kristall» sport toplumlarynyň buzly meýdançasynda yhlasly türgenleşikleri hem-de çykyşlary bilen türkmen sportunyň yzygiderli ösýändigini hem-de sportuň gyşky görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarda biziň türgenlerimiziň tejribeli garşydaşlary bilen deň bäsleşip biljek we olara mynasyp garşydaş bolup biljek günleriniň uzakda däldigini görkezdi.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow