Baş sahypa
\
Sport
\
Sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň altyn baýragynyň eýeleriniň hatarynda
Sport
Sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça Merkezi Aziýanyň altyn baýragynyň eýeleriniň hatarynda
Çap edildi 18.02.2019
4797

17-nji fewralda Özbegistanyň Daşkent şäherinde tamamlanan ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medal gazandy. Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Biziň türgenimiz şpagada gylyçlaşmak boýunça geçirilen ýaryşlaryň 10-synda dokuz ýeňiş gazandy hem-de final duşuşykda Özbegistandan bolan garşydaşyny ynamly ýeňdi. J.Döwletnazarow Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy. Watandaşymyz ýaşdygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň öňdebaryjysy bolup durýar. Ýygyndy toparymyz şu ýylyň 25-nji fewralyndan 7-nji marty aralygynda Iordaniýanyň Amman şäherinde Aziýa yklymynyň iň güýçli gylyçlaşyjylary bilen bäsleşer. Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýalary geçen ýylyň noýabrynda döredildi. Ýurdumyzdan başga-da, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan onuň esaslandyryjylary bolup çykyş etdiler. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow