Baş sahypa
\
Sport
\
Garly-buzly ýollarda ýaryşmak boýunça dünýä Kubogynyň birinji tapgyrynyň hormat münberini eýelediler
Sport
Garly-buzly ýollarda ýaryşmak boýunça dünýä Kubogynyň birinji tapgyrynyň hormat münberini eýelediler
Çap edildi 18.02.2019
4816

«Nissan Patrol» kysymyndaky awtoulaglaryň T2 görnüşiniň sürüjileriniň türkmen topary Kareliýada (Russiýa Federasiýasy) 14 — 17-nji fewralda geçen «Russiýa-Demirgazyk tokaýy — 2019» atly garly-buzly ýollar boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyryna gatnaşdylar. Ralli-reýd boýunça halkara ýaryşda 15 döwletden toparlaryň 29-sy duşuşdy. Biziň türgenlerimiz Argentinadan, Russiýadan, Finlýandiýadan, Çehiýadan, Slowakiýadan, Rumyniýadan, Wengriýadan hem-de Litwadan bolan bäsdeşleri bilen ýaryşyp, örän çylşyrymly aralygy üstünlikli geçdi. Muhammetmyrat we Şamyrat Gurbanowlaryň topary hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar, üçünji orny bolsa Merdan we Şöhrat Toýlyýewler eýeledi. Çylşyrymly howa şertlerinde awtoulaglarda geçirilýän ýaryşlar — munuň özi çydamlylygyň hem-de sürüjilik başarnygynyň synagydyr. Türgenlerimiz öňde goýlan wezipä abraý bilen hötde geldiler. Awtomobil sporty federasiýasynyň agzalarynyň halkara ýaryşlara gatnaşmagy bilen, Türkmenistan tejribe toplaýar. Şol tejribe öňde boljak ýokary derejelerdäki ýaryşlarda, gürrüňsiz suratda, peýda berer.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow