Baş sahypa
\
Sport
\
Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»
Sport
Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»
Çap edildi 10.03.2019
4781

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy. Ýylyň jemi boýunça iň güýçli topary kesgitlemek ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelge indi diňe bir futbolda däl, eýsem, şu ýyldan başlap, futzal bäsleşiginde hem ýola goýuldy. Iki çempionyň arasynda geçirilen bu duşuşyk örän çekeleşikli pursatlary bilen tomaşaçylaryň aňynda köp wagtlap saklansa gerek. Bäsleşigiň ýeňijisi jerime urgulary arkaly kesgitlenildi. «Köpetdag» bäsleşigiň başynda hasaby açan hem bolsa, oýnuň 30-njy minutyna çenli derwezesine iki topy goýberdi. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň topary oýnuň jylawyny elinde saklap, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň toparyna howply pursatlary döretmäge mümkinçilik bermedi. Bäsleşigiň ahyrky on minutynda Arzuwguly Sapargulyýew («Köpetdag») ilki hasabyň aratapawudyny azaltdy, soňra bolsa 28-nji minutda jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli urgy bilen hasaby deňledi. Goşmaça wagtda tomaşaçylaryň tolgunmasy has-da artdy. Olar Türkmenistanyň 2018-nji ýylyň jemleri boýunça çempiony derejesine mynasyp bolmaga yhlas edýän toparlaryň oýnuna uly tolgunma bilen tomaşa etdiler. Toparlaryň oýunçylary yzly-yzyna hüjüm edip, birek-biregiň derwezesine bir pökgi geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, hasap 4:4 boldy. Soňra jerime urgulary başlandy. Bäsleşigiň bu görnüşinde «Köpetdagyň» oýunçylary has dürs urmagy başaryp, ýeňiş gazandylar. Olar türkmen futzalynyň taryhynda ilkinji naýbaşy kubogy eýelediler.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow