Baş sahypa
\
Sport
\
Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Sport
Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Çap edildi 11.03.2019
4836

Şu günler ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy. Türkmenistanly türgen bu baýragy 67 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edip gazandy. Türkmen türgenine birden götermekde 122 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram agramlygy galdyrmak başartdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça biziň türgenimiz üçünji orny eýeledi. Onuň görkezijisi 269 kilograma barabar boldy. Munuň özi öňe çykan gruziýaly agyr atletikaçynyň gazanan netijesinden bary-ýogy 1 kilogram azdyr. 11-nji synpyň okuwçysy, «Olimp» orta sport mekdebinde terbiýelenýän Bektimur geljegine uly umyt bildirilýän türgendir. Las-Wegasdaky bäsleşikde gazanan ýeňşi bolsa oňa sport dünýäsinde täze mümkinçilikleri açýar. ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionaty dowam edýär. Ýer ýüzüniň ýaş türgenleri 15-nji marta çenli güýç synanyşarlar. Çempionatda bütin dünýäden gelen 180-den gowrak türgen agyrlyk derejeleriniň 10-sy boýunça çykyş edýär. Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ýurdumyzyň çempionatynda ýokary netijeler gazanan agyr atletikaçylar düzýärler.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow