Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanly türgenleriň BAE-de geçirilen Ýörite Olimpiadada gazanan üstünlikleri
Sport
Türkmenistanly türgenleriň BAE-de geçirilen Ýörite Olimpiadada gazanan üstünlikleri
Çap edildi 25.03.2019
4915

Abu-Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) geçen 2019-njy ýylyň Ýörite Olimpiadasynyň Bütindünýä tomusky oýunlarynda biziň türgenlerimiz ýokary sylaglaryň ýedisine — üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular. Tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletika, badminton, gimnastika, suwda ýüzmek hem-de dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşan milli ýygyndy toparymyzyň hatarynda 15 türgen çykyş etdi. Çeper gimnastika boýunça Enebaý Semendirowa we Mähri Myratnazarowa ýokary hormat münberine çykmagy başardylar. Enebaý pökgüli we towsulýan ýüpli maşklary ýerine ýetirip, jemi dört medala — iki altyn, şeýle hem görkezme çykyşlarda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldy. Mähri Myratnazarowa hem pökgüli maşklary ýerine ýetirip, öz toparçasynda öňe saýlanyp, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň sylaglarynyň üstüni altyn medal bilen ýetirdi. Umyt Amandurdyýew badminton boýunça we Roman Omarow tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna kümüş we bürünç medallary getirdiler. 170 ýurtdan sekiz müňe golaý türgen gatnaşan bu ýaryşlar diňe bir örän iri sport wakasy bolman, saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň jemgyýetde uýgunlaşmagyna gönükdirilen giň gerimli ynsanperwerlik çäresidir. Ýörite olimpiadalaryň esasy wezipesi sportuň ýeňşe, täze belentliklere höwes edýän ähli adamlar üçin, olaryň ýaşyna hem-de saglyk ýagdaýyna garamazdan, elýeterlidigini tassyklamakdyr.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow