Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 19-njy iýul
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 19-njy iýul
Çap edildi 19.07.2015
1550

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny we nebit koksuny satyn aldylar. Germaniýadan we Singapurdan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we mazudy satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Serbiýadan, Maltadan, Azerbaýjandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna pagta ýagyny, nah ýüplügi, buýan köküniň toşabyny, pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 450 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 8 million 290 müň manatlykdan gowrak bolan “Berzeňňi-saglyk” bejeriş-mineral suwy hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow