Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular
Sport
Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular
Çap edildi 08.04.2019
4878

Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy. «K-1» görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Pygy Sylabow (60 kilograma çenli agram derejede) çempion boldy. «Full-kontakt» görnüşinde biziň türgenlerimiz dört medala mynasyp boldular. Şunda Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Goçmyrat Jumanyýazow 75 kilograma çenli agram derejede altyn medaly eýeledi. Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň agzasy Ýazberdi Paýanow (57 kilograma çenli) kümüş medaly eýeledi. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Akmyrat Akyýew (67 kilograma çenli) we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna wekilçilik edýän Muhammet Gurbanow (81 kilograma çenli) üçünji orunlara çykdylar. Türkiýe Respublikasynda her ýyl geçirilýän kikboksing boýunça Halkara kubogynda Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan iki müňden gowrak türgen hormat münberleriniň baýrakly orunlary ugrunda bäsleşýärler. Şeýle ýiti bäsdeşlige garamazdan, geçen ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem biziň ildeşlerimiziň bäşisi abraýly dünýä sport ýaryşlarynyň ýeňijileri bolmak bilen, «Durnuklylyk ussatlygyň alamatydyr» diýen hakykaty tassykladylar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow