Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Lebap welaýatynyň ýüpekçileri meýilnamany ýerine ýetirdiler
Ykdysadyýet
Lebap welaýatynyň ýüpekçileri meýilnamany ýerine ýetirdiler
Çap edildi 16.05.2019
1402

Şu gün Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasyny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýüpekçileriň birleşen tagallasy bilen kabul ediş bölümlerine dokma senagaty üçin ýokary hilli çig malyň 960 tonnadan gowragy tabşyryldy. Lebap welaýatynyň ýüpekçileriniň paýyna ýurdumyzda her ýylda öndürilýän piläniň umumy mukdarynyň ýaryna golaýy düşýär. Lebaply ýüpekçileriň bu gezekki zähmet ýeňşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalykçylary, olaryň zähmetiniň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegi ugrunda edýän aladasyna mynasyp jogap bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda piläniň, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandy. Mundan başga-da, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenabadyň ýüpek gurçugynyň tohumyny taýýarlaýan zawodynyň binýadynda täze döwrebap tehnologiýalaryň esasynda ýokary hasylly we ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumyny taýýarlaýan täze kärhana işe girizildi. Munuň özi ýüpekçileriň zähmetiniň netijeliligini artdyrdy. Welaýatyň Halaç, Çärjew, Saýat, Kerki etraplarynyň ýüpekçileri welaýatda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Olar tabşyrykdan artyk birnäçe tonna pile tabşyrmagy başardylar. Halaç etrabynyň ussat ýüpekçileri kabul ediş bölümine 212 tonna, Çärjew etrabynyň ýüpekçileri 170 tonna ýokary hilli pile tabşyrmagyň hötdesinden geldiler. Kabul ediş bölümine 115 tonna pile tabşyran Saýat etrabynyň ýüpekçileri bu üstünlige mynasyp goşant goşdular. Şeýle hem ussat ýüpekçiler 220 we 180 kilogram pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny 1,5 esseden gowrak ýerine ýetirdiler. Welaýatyň senagat toplumy piläniň täze hasylyny kabul etmäge we ony gaýtadan işlemäge doly taýýar edildi. Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde 90 ýyla golaý mundan ozal Türkmenistanyň piläni gaýtadan işleýän pudagy döredildi. Bu ýerde ähli abatlaýyş-sazlaýyş işleri geçirildi we piläniň täze hasylyny kabul etmek, saklamak hem-de ýokary hil derejesinde gaýtadan işlemek boýunça işler awtomatik usulda alnyp barylýar. Ýogynlygy 30 mikrondan az bolan ýüpek sapaklary dünýäniň ýokary ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde öndürilýän önümler diňe bir dürli ýüpek matalary we ýüpek halylary öndürýän birleşigiň islegleri üçin ulanylman, eýsem, ol dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlara öwrüldi.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow