Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleriniň başa-baş söweşiň garyşyk görnüşinde gazanan ynamly ýeňişleri
Sport
Türkmen türgenleriniň başa-baş söweşiň garyşyk görnüşinde gazanan ynamly ýeňişleri
Çap edildi 05.06.2019
4958

Şu ýylyň 28-nji maýyndan 6-njy iýun aralygynda Ukrainanyň Belgorod-Dnestrowskiý şäherinde başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleri (Iňlisçede «Miхed martial arts», gysgaça MMA atlandyrylýan sport görnüşi) boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan türgenleriň 550-si gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistana türgenleriň 3-si wekilçilik edip, her biri örän mynasyp çykyş etmegi başardy. Olar umumy hasapda 10 medaly — 8 altyn we 2 kümüş medaly gazandylar. Içeri işler ministrliginiň işgäri, sport ussady Şöhrat Orazgeldiýew başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleriniň MMA-«greppling» ugrundan altyn medala eýe boldy. Ol «MMA-ELITE» görnüşinde hemmelerden öňe saýlandy, «MMA-FULL» bäsleşiginde hem ýeňiş gazanmaga hiç kime mümkinçilik bermedi. Netijede, ol ýurdumyzyň türgenleriniň hasabyna altyn medallaryň 3-sini goşdy. Aşgabat şäheriniň 47-nji orta mekdebiniň mugallymy, sport ussady Orazgeldi Orazgeldiýew hem 2 ýokary derejeli we 1 kümüş öwüşgünli medallary gazandy. Ol MMA-«greppling» we «MMA-FULL» bäsleşigi jemlenende münberiň birinji basgançagyna çykmagy başardy, MMA-«laýt» görnüşi boýunça bolsa bäsdeşinden biraz asgyn geldi. Türkmenistanyň «Hanmudo» söweş sungaty federasiýasynyň tälimçisi, halkara sport ussady Şöhrat Allaýew 4 medaly eýelemegi başardy. Olaryň üçüsi iň ýokary derejelidir. Ol «full», «laýt» we «forms» görnüşleri boýunça hemmelerden üstün çykdy, «greppling» görnüşi boýunça bolsa ikinji orny eýeledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň barşynda häzirki zamanda türkmen türgenleri iri ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýarlar hem-de dünýä giňişliginde ýurdumyzyň sport abraýyny barha belende galdyrýarlar.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow