Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleri Bütindünýä uniwersiada gatnaşmaga taýýar
Sport
Türkmen türgenleri Bütindünýä uniwersiada gatnaşmaga taýýar
Çap edildi 03.07.2019
4970

Italiýanyň Neapol şäherine dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän türgenleriň ilkinji topary geldi. Olar bäş ýetginjekden hem-de bäş gyzdan ybarat toparlar, bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada Watanymyzyň sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär. Biziň türgenlerimize ýerli howa şertlerine öwrenişmek hem-de jemleýji türgenleşikleri mynasyp derejede geçirmek wezipesi garaşýar, sebäbi, dzýudoçylaryň arasynda ilkinji bäsleşikler şu gün — 4-nji iýulda başlanýar. Neapol şäherinde geçirilýän Bütindünýä tomusky uniwersiada 127 ýurtdan 9 müňe golaý türgeniň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Ýaryşlaryň maksatnamasynda sportyň 18 görnüşi göz öňünde tutulandyr. Türkmen talyp türgenleri ýaýdan ok atmak, gylyçlaşmak, ýeňil atletika, dzýudo, tennis we suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar. Uniwersiadanyň resmi açylyş dabarasy 3-nji iýulda ýerli wagt bilen sagat 21:00-da San Paolo stadionynda boldy. Häzirki zaman tomaşalar tehnologiýalary esasynda geçirilen bu çärä 1500 adam gatnaşdy. Bu wakanyň öň ýanynda suw polosy, suwa bökmek hem-de futbol boýunça saýlama ýaryşlar başlandy. 4-nji iýulda dzýudoçylar bilen bir hatarda suwda ýüzmek we gylyçlaşmak boýunça bäsleşikler geçiriler. 5-nji iýulda tennisçileriň saýlama ýaryşlary başlanylar, oňa biziň ýurdumyzdan Hajymyrat Çaryýew gatnaşar. 8-nji iýulda bolsa, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar başlanyp, Irina Welihanowa medallar ugrunda bäsleşer. 9-njy iýulda bu bäsleşiklere ýaýdan ok atmak boýunça türgenler goşular. Bu ugurdan ýaryşlara Türkmenistandan iki türgen gatnaşar. Uniwersiadada jemi 222 medal ugrunda bäsleşikler bolar, medallara mynasyp bolanlar iki hepdä golaý wagtdan kesgitleniler, 14-nji iýulda bolsa, Neapolda geçirilýän ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň ýapylyş dabarasy bolar.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow