Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen pälwanlarynyň iki medaly
Sport
Türkmen pälwanlarynyň iki medaly
Çap edildi 08.07.2019
5441

Madridde 5 — 8-nji iýulda Ispaniýanyň «Gran-pri» halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 47 ýurdundan güýçli türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistana dürli agram derejelerinde çykyş edýän türgenleriň üçüsi wekilçilik edip, olar tutanýerli göreşiň barşynda bir altyn we bir kümüş medallary gazandylar. Şeýlelikde, Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow (70 kilogram) öz agram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň ýokarky basgançagyny eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwletmyrat Orazgylyjow 86 kilogram agram derejesinde jemleýji tutluşykda garşydaşyndan az-kem asgyn gelip, ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedenterbiýäni we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça degişli işler geçirilýär, türgenlerimiziň ussatlygy ýokarlanýar, geljekki çempionlarymyzyň hatarlary artýar. Erkin göreş hem şol özgerişliklerden çetde galmady, netijede, milli ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üsti dürli halkara ýaryşlaryň medallary bilen ýetirildi.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow