Baş sahypa
\
Sport
\
Ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň iki medaly
Sport
Ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň iki medaly
Çap edildi 13.07.2019
4996

Tailand Patyşalygynda ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ol 9 — 14-nji iýul aralygynda Çonburi şäherinde geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan 130 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine 4 türgen we bir emin wekilçilik etdi. Ýaryşyň ikinji gününde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Toýly Orazow 82 kilogram agram derejesinde çykyş edip, üçünji orny eýeledi. Ýene bir türgenimiz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Zyýamuhammet Saparow (97 kg.) finala barýan ýolda ilki Pakistanyň wekilinden we soňra gyrgyz türgeninden çekeleşikli göreşde üstün çykmagy başardy, emma aýgytlaýjy tutluşykda eýranly türgenden asgyn geldi. Şunlukda, ol çempionatyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň türgenleriniň nobatdaky halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň öz netijelerini berýändiginiň subutnamasydyr. Watanymyzyň ýaşyl baýdagy türkmen türgenleriniň ýeňişleriniň hormatyna dünýäniň dürli ýurtlarynda barha belent pasyrdaýar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow