Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen dzýudoçysy — Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi
Sport
Türkmen dzýudoçysy — Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi
Çap edildi 29.07.2019
5309

Şu günler Taýbeý şäherinde (Hytaý) ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçirilýär. Oňa dünýäniň 19 ýurdundan 176 türgen gatnaşýar. Ýaryşda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde 7 türgen çykyş edýär. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şatlyk Seýitmyradow 81 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, mongoliýaly bäsdeşinden üstün çykmagy başardy, emma ýer eýesiniň wekilinden asgyn geldi. Netijede, biziň türgenimiz öňdäki üçlüge girmek bilen, bürünç medala eýe boldy. Taýbeýde geçirilýän ýaryşlar dowam edýär. Türkmen türgenleriniň mynasyp bolýan her bir täze medaly bilen Watanymyza buýsanjymyz ýokarlanýar. Olar geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar, türkmen sportunyň baýdagyny belende götererler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde sporty ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle giň gerimli işler özüniň ajaýyp netijesini berýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow