Baş sahypa
\
Sport
\
Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal
Sport
Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal
Çap edildi 17.08.2019
5417

17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy. Ýygyndy toparymyzyň wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şakirjan Durdyýew garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik bermedi. Ýaş türkmen türgeni 10 müň metr aralygy 32 minut 34 sekuntda geçip, altyn medal gazandy. Şol birwagtda Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk şäherinde arbaletden ok atmak boýunça XX dünýä çempionaty tamamlandy. Ol 350-den gowrak türgeniň gatnaşan sany boýunça rekord görkezijä eýe boldy. Dünýäniň otuz bäş döwleti arbaletden ok atmagyň halkara birleşiginiň (IAU) howandarlygynda geçen ýaryşa gatnaşmak üçin iň oňat ýaý atyjylaryny iberdi. Oňa biziň ýurdumyz hem gatnaşdy. Ýaryşda Türkmenistanyň Ýaý atyjylyk federasiýasynyň başlygy Wepa Sähedow ýurdumyzyň abraýyny gorady. Türkmen türgeni «2019-njy ýylda türgenleşige girişen türgenleriň arasynda arbaletden ok atmak» görnüşinde 1451 utuk toplady. W.Sähedowyň çykyşynyň netijesi — birinji orun we dünýä çempiony diýen at. Türkmenistanda soňky ýyllarda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine örän uly üns berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işi bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge gönükdirilendir, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmäge hemme şertler döredilýär. Türgenlerimiziň şu gazananlary milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow