Baş sahypa
\
Sport
\
Jiu-jitsu boýunça ýaş ussatlarymyzyň üstünlikleri
Sport
Jiu-jitsu boýunça ýaş ussatlarymyzyň üstünlikleri
Çap edildi 15.09.2019
6063

Rumyniýanyň Buharest şäherinde 13-15-nji sentýabr aralygynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda “Ju Jitsu Balkan Open World Cup-2019” jiu-jitsu boýunça dünýä kubogy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Oňa Türkmenistan bilen birlikde 27 ýurtdan türgenleriň 1 müň 288-si gatnaşdy. Bu ýaryşda ýurdumyza pälwanlaryň bäşisi wekilçilik etdi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça 34 kilograma çenli agram derejesinde Aşgabat şäheriniň 107-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Muhammetaly Gurbanow kumuş medal gazandy, şol agram derejesinde paýtagtymyzyň 8-nji mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Musa Kasymow bolsa bürünç medalyň eýesi boldy. Ýaş türgenlerimiziň nobatdaky üstünlikleri Watanymyzyň sport ulgamynda şöhratly geljegine ynam döredýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýe we sportda ýokary netijeleri gazanmak ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünlige beslenýändigini tassyklaýar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow