Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen agyr atletikaçylarynyň nobatdaky sylaglary
Sport
Türkmen agyr atletikaçylarynyň nobatdaky sylaglary
Çap edildi 24.10.2019
8537

KHDR-iň paýtagty Phenýanda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçilýär. Ol dünýäniň 16 ýurdundan türgenleri ýygnap, olaryň hatarynda pälwanlaryň sekizisi Türkmenistana wekilçilik edýärler, olar milli ýygyndy toparyň sylaglarynyň üstüni bürünç medallaryň dördüsi bilen ýetirdiler. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda «Olimp» sport orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Bektimur Reýimow tapawutlandy. Ol 67 kilogram agram derejesinde çykyş etmegiň iki görnüşi boýunça 261 kilogram agramlygy galdyrmagy başardy hem-de 4-nji orny eýeledi. Şunda ştangany birbada galdyrmakda 121 kg (bürünç medal), itekläp galdyrmakda 140 kg (bu görnüşde 4-nji orun) boldy. Türkmen türgenleriniň ýene-de biri — Şageldi Baýramgeldiýew 81 kilogram agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Ştanga galdyrmagyň iki görnüşinde onuň gazanan netijesi 280 kg deň boldy, şunda «Olimp» sport orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy ştangany birbada galdyrmakda (123 kg) we itekläp galdyrmakda 157 kg netije bilen dördünji orny eýeledi. 81 kilogram agram derejesinde çykyş eden ýaşlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň dördünji ýyl talyby Rüstem Annaberdiýew ştangany birbada galdyrmakda (146 kg) bürünç medalyň eýesi boldy hem-de itekläp galdyrmakda (168 kg) bäşinji orny eýeledi. Onuň çykyşlaryň iki görnüşinde gazanan netijesi 314 kilograma deň boldy we ol umumy bäşinji orna mynasyp boldy. Biziň türgenlerimiziň täze üstünlikleri bilen türkmenistanlylaryň Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary bilen baglylykda şatlygy we umytlary artýar. Şol olimpiadada milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde agyr atletikaçylar hem çykyş ederler. Ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty dowam edýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow