Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Teatr afişasy: premýeralar we iň gowy spektakllar
Medeniýet
Teatr afişasy: premýeralar we iň gowy spektakllar
Çap edildi 29.11.2019
5173

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby esasynda döredilen «Dutaryň owazy» atly täze spektakl görkeziler. 1-nji dekabrda tomaşaçylara «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» atly oýun teklip ediler. Spektakllar sagat 19-da başlanýar. Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry 30-njy noýabrda «Sawçy we sallahlar», 1-nji dekabrda bolsa, «Etme oglan sen oýun» spektakllaryna çagyrýar. Spektakllar sagat 19-da başlanýar. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda 30-njy noýabrda «Amanat giýew», 1-nji dekabrda bolsa, «Toý» oýunlary görkeziler. Spektakllar sagat 19-da başlanýar. Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylary 30-njy noýabrda «Şadyýan sazandalar» (12:00) we «Söýgi bizi halas eder» (19:00), 1-nji dekabrda bolsa, döwlet Baştutanynyň «Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym – mukaddesilge tagzym» we «Türkmen alabaýy» eserleri esasynda döredilen «Baky rowaýatlar» oýnuna çagyrýar. Spektakl sagat 12-de başlanýar. Sagat 19-da bolsa «Arşyn mal alan» oýny görkeziler. Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda 30-njy noýabrda«Ýediň enesi», 1-nji dekabrda bolsa, «Çynymy aýtsam» spektakllary görkeziler. Oýunlar sagat 19-da başlanýar. Wideoşekilli afişanyň salgysy: wideo

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow