Baş sahypa
\
Sport
\
Futzal: Aziýa çempionaty — 2020-niň bije atyşlygy geçirildi
Sport
Futzal: Aziýa çempionaty — 2020-niň bije atyşlygy geçirildi
Çap edildi 06.12.2019
20730

Aşgabadyň «Olimpiýa» myhmanhanasynda geljek ýylyň 26-njy fewraly — 8-nji marty aralygynda Türkmenistanda boljak futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň final böleginiň bije atyşlygy geçirildi. Onuň jemi boýunça Aziýa yklymynyň iň oňat futzal toparlarynyň 16-sy dört topara bölündi. «A» toparyna Türkmenistanyň ýygyndy topary bilen birlikde Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary düşdi. «B» toparyna Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň, Liwanyň we Ýaponiýanyň toparlary girdi. «C» toparynda Indoneziýanyň, Hytaýyň, Bahreýniň we Özbegistanyň toparlary güýç synanyşarlar. «D» toparyna giren Saud Arabystanynyň, Koreýa Respublikasynyň, Tailandyň ýygyndy toparlary bolsa futzal boýunça Aziýa futbol konfederasiýasynyň häzirki çempiony bolan Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy topary bilen bäsleşerler. Ýaryşyň toparlaýyn tapgyry 26-njy fewraldan 2-nji marta çenli dowam eder. Şondan soňra utulan toparlar oýundan çykarlar. Bäsleşigiň bu tapgyryna her topardan iň güýçli ýygyndy toparlaryň ikisi gatnaşar. 8-nji martda futzal boýunça Aziýa çempionatynyň ýeňijisi hem-de 2020-nji ýylda Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin arzyly ýollanmalaryň bäşisine mynasyp bolanlar yglan ediler. Dünýä çempionatyna ýarym final oýunlarynda üstünlik gazanan toparlaryň dördüsi, şeýle hem birinjilik ugrundaky bäsleşikde bäşinji orny eýelän topar gatnaşar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow