Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 01.02.2020
1416

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi we reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 220 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 12 million manatlyga golaý nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen, jemi bahasy 12 million 490 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni we pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow