Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi
Jemgyýet
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi
Çap edildi 15.03.2020
1927

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşigiň ugurlary: - saglygy goraýyş - ylym we bilim - senagat - ulag we kommunikasiýa - hyzmatlar ulgamy - orta we kiçi telekeçilik - akylly şäher Bäsleşige ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki şahslary bäsleşigiň ugurlary boýunça özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry. Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel – 2020» atly halkara sergisiniň geçirilýan günleri jemlener. Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary internet saýtyndan alyp bilerisiňiz. Habarlaşmak üçin: Tel: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow