Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki seýilgäh zolagynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki seýilgäh zolagynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
Çap edildi 24.04.2020
1501

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we ahalteke atlarynyň şöhratyny has-da artdyrmakda ähmiýetli bolan Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzdaky behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň durky düýpli täzelendi. Munuň özi paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli abadanlaşdyryş we döwrebaplaşdyryş işleriniň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň dünýä beren ajaýyp gymmatlygy we milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň heýkelleri abadanlaşdyrylýan hem-de gözelleşdirilýän paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Joşgunly hereketiň, okgunly ösüşiň nyşanyna öwrülen at heýkelleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň altynsow reňkleriniň ajaýyp öwüşgini bu künjegiň gözelligini artdyrýar. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz at heýkellerini abadanlaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi we onuň yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet berilmegini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy arkaly bu atlaryň her biriniň ahalteke bedewlerine mahsus reňk öwüşginine eýe bolmagy zerurdyr. Munuň özi şäheriň bu künjeginiň agşamky görnüşleriniň gözelligini has-da artdyrar. Şeýle hem milli Liderimiz şäheri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşilmelidigini aýdyp, bu ýerdäki we beýleki seýilgäh zolaklaryny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde dürli gülleri ekmek işlerini tomus möwsümine çenli tamamlamagy tabşyrdy. Paýtagtymyzyň merkezinden uzap gidýän seýilgäh zolagynyň aýratynlygyny belläp, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde onuň günbatar çetinde döwrebap söwda merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň bu künjegindäki desgalaryň, binalaryň we söwda merkeziniň seýilgäh zolagy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, tutuş ýurdumyzy gurşap almalydygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow