Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny gutlamak dabarasy boldy
Jemgyýet
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny gutlamak dabarasy boldy
Çap edildi 08.05.2020
3256

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymzyzň «Mekan» Köşgünde uruş weteranlaryny we wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny gutlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda olara «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medalyny we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «Mekan» Köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen foýesinde şanly sene mynasybetli söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygy hem-de edermenligi we tylda zähmet gahrymançylygy bilen Ýeňşe goşant goşanlar barada gürrüň berýän žiwopis eserleriniň, fotosuratlaryň we kitap neşirleriniň sergisi guraldy. Urşuň ilkinji günleri ildeşlerimiziň müňlerçesi meýletinlik bilen fronta gidip, gazaply söweşlerde batyrgaýlyk we edermenlik görkezdiler. Olaryň ençemesi Gahrymanyň ýokary adyna mynasyp boldular, müňlerçesi, köpüsi wepat bolandan soň ordenlerdir medallar bilen sylaglandy. Paýtagtymyzda geçirilen dabaranyň hormatly myhmanlarynyň arasynda uruş weteranlary, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çekenler bardy. Dabara şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, dürli pudaklaýyn edaralaryň harby we hukuk goraýjy edaralaryň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň, KHBS-niň wekilleri we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Sahnadan Beýik Ýeňşiň gahrymanlaryna gaýduwsyz edermenligi üçin hoşallyk sözleri ýaňlandy. Olaryň edermenligi, gaýduwsyzlygy we ata Watana söýgüsi ýaşlar üçin watanperwerligiň nusgasy hem-de ahlak çelgisi bolup hyzmar edýär. Sahna ussatlary olar üçin aýdym-sazlary sowgat etdiler. Weteranlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň uly nesli, urşa gatnaşanlaryň we onda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň abadançylygy barada yzygiderli aladasy, olaryň abadan ýaşamagy üçin döredýän ähli zerur şetleri üçin hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny, tylda zähmet çekenleri gutlamak dabarasy geçirildi.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow