Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply türkmen dokma önümleri
Ykdysadyýet
Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply türkmen dokma önümleri
Çap edildi 17.06.2020
3219

17-nji iýunda Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda hem-de Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň söwda dükanlarynyň täze toplumy açyldy. Söwda toplumlarynyň açylyş dabaralaryna köp sanly myhmanlar, şol sanda hormatly ýaşulular we ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň işgärleri gatnaşdylar. Täze dükanlarda Türkmenistanda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär. Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tutuş ýurdumyz boýunça ýakyn wagtlarda şunuň ýaly söwda toplumlary açylar. Dükanlarda soňky döwürde giň meşhurlyga eýe bolan milli söwda nyşanly harytlary satyn almak mümkindir. Olaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala», Aşgabadyň dokma toplumynyň «Goza», Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» haryt nyşanly önümleri, Marynyň «Ýeňiş» fabriginiň önümleri, Aşgabadyň panbarhat matasyny öndürýän fabriginiň we beýlekileriň önümleri bar. Ýurdumyzyň dizaýnerleri öz işlerinde, ilkinji nobatda, ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler. Erkekler we zenanlar üçin tomus möwsümine niýetlenen egin-eşikler, şeýle hem her bir ýokary okuw mekdebiniň aýratynlyklary hasaba alnyp hem-de milli bezegleriň görnüşleri peýdalanylyp, talyplar üçin öndürilýän sport lybaslary uly islege eýe bolar. Täze dükanlaryň giň we ýagty söwda otaglarynyň bezegi, olarda gurnalan egin-eşik geýlip görülýän otaglarda alyjylar üçin aňrybaş amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Olar öz islän harytlaryny nagt we nagt däl görnüşde hasaplaşmak arkaly satyn alyp bilerler. Bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar — çagalar, şeýle hem ulular üçin niýetlenen harytlaryň dürli görnüşleri ýurdumyzda öndürilen önümleri satyn almaga uly gyzyklanma bildirýän alyjylaryň islegleriniň içgin öwrenilýändiginiň subutnamasydyr. Munuň özi şeýle hem öz ösüşinde ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ugur edinýän ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýeten belent sepgitleriniň beýanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän pudagynyň okgunly ösüşiniň mysalyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, bu ulgamda pudakda bar bolan kuwwatlyklary doly peýdalanmak boýunça wezipeleri çözmek, ýerli çig mal serişdeleri esasynda dürli görnüşli we bäsleşige ukyply önümleriň önümçiligi boýunça ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmek maksady bilen yzygiderli işler geçirilýär. Bu ulgamyň önümçilik binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de gaýtadan enjamlaşdyrylmagy netijesinde soňky ýyllarda halkara hil ülňülerine we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän taýýar önümleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar, şonuň netijesinde hem olar daşyndan getirilýän önümleriň ýerini mynasyp eýeleýärler. Şu günki şanly waka hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow