Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýokarky dem alyş ýollarynyň şahsy goraglylyk serişdelerini ulanmagy maslahat berýär
Jemgyýet
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýokarky dem alyş ýollarynyň şahsy goraglylyk serişdelerini ulanmagy maslahat berýär
Çap edildi 12.07.2020
2681

Soňky günleriň dowamynda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine howa akymynyň aralaşmagy sebäpli, howada tozanyň düzüminiň agdyklyk edýändigi bellige alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy, ozaly bilen, dem alyş ulgamy üçin amatsyzdyr. Tomus paslynda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin hökman degişli maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek zerurdyr. Şu günler howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy - ekzogen täsirini peseltmek we howadaky tozan bölejikleri arkaly döräp biläýjek dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berilýär. Şunda howpsuz aralygy, ýagny 1 metrden az bolmadyk aralyk saklanylmalydyr hem-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip - düzgünleri berk berjaý edilmelidir. Tomus paslynda daşky gurşawyň yssy howasyny göz öňünde tutup, daşardan gyzyp gelip, birbada sowuk ýa-da sowadyjy işleýän otaga girmeli däl, sowadyjynyň gabadynda durmaly däl, aşa sowuk suwy içmeli däl. Sebäbi bu hereket dowamly keselleriň ýitileşmegine getirip bilýär. Bu ýönekeý, emme örän möhüm kadalary berk berjaý etseňiz, ýylyň islendik döwründe janyňyz sag bolar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow