Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 19.07.2020
1728

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Tekiz boýalan we jakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Söwdalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 659 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Ermenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 837 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 27 million 252 müň manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow