Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär
Jemgyýet
Sagdyn durmuş ýörelgesi berkidilýär
Çap edildi 01.08.2020
1881

Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglyk ulgamyny, şol sanda sagaldyş-şypahana dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ajaýyp şypahanalar, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap sport toplumlary bar. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesi munuň aýdyň mysalydyr. Onuň düzümine ähli görkezijileri boýunça ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän dürli maksatly onlarça desga girýär. Şu günler Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi hem zähmet dynç alşynda bolýar. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary dynç alyşlaryny işjeň we saglyk üçin peýdaly geçirmäge çalyşýarlar. Olar dürli sport oýunlaryny we çärelerini guraýarlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, işjeň, netijeli dynç alyş, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn iýmitlenmek, gün tertibini berjaý etmek — bularyň ählisi adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak üçin zerur şertlerdir. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, häzirki zaman öňüni alyş çäreleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Ähli ulgamlarda we pudaklarda, şol sanda saglygy goraýyşda giňden ulanylýan sanly tehnologiýalar onuň üçin täze mümkinçilikleri açýar. Elbetde, şunda bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga aýratyn orun degişlidir. Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak ulgamy ylmy esasda guralýar, bu olaryň talabalaýyk dynç alşyny üpjün etmekde hem şeýledir. Dynç alyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şypahana-dynç alyş merkezlerinde hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, diňe adamyň saglygyny berkitmäge ýardam etmän, eýsem, işe ukyplylygyny-da ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň ösdürilmegine örän uly üns berip, şu ugra köp mukdarda serişdeleri gönükdirýär. Bu bolsa ykdysady nukdaýnazardan hem, durmuş nukdaýnazaryndan hem halkymyzyň saglygyna — ýurdumyzyň adam baýlygyna gönüden-göni maýa goýumlarydyr. Daşky gurşawy goramaga, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen köpugurly özgertmeler hem adamlaryň durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýär. Diýarymyzda şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzdaky we daşary döwletlerdäki tejribäniň iň gowularyny özünde jemleýär. Bu ýerde melhemli mineral çeşmeler — suw we palçyk bilen bejermek usullary, ýerli ösümliklerden taýýarlanylan dermanlyk serişdeleri we beýleki tebigy serişdeler giňden ulanylýar. Şolar bedeni pugtalandyrmaga, saglygy dikeltmäge, adamyň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň netijesinde, häzir Türkmenistanda göwnejaý derejede dynç almak we zähmet rugsadyny peýdaly geçirmek, netijede, mähriban topragymyzyň melhem güýjünden kuwwatlanyp, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredildi.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow