Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
Çap edildi 07.09.2020
967

Şu gün Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň wideomaslahat görnüşinde duşuşygy boldy. Gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýa halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda pudagara geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Ministrler bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugra aýratyn ähmiýet berýär. “Hazar deňzi — Gara deňzi” halkara ulag geçelgesi taslamasyny işjeňleşdirmek hem-de onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şeýle hem sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek nukdaýnazaryndan “Lapis Lazuli” taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Awtomobil ýollarynyň hem-de deňiz portlarynyň netijeli ulanylmagy arkaly bökdençsiz ýük daşalmagyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-gruzin hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Şeýle hem wideomaslahatyň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow