Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 12.09.2020
1695

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudy we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Özbegistanly işewürler şeýle hem ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümlerini, nah matany we ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 26 million 793 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystan Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 3 million 792 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow