Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi
Çap edildi 17.09.2020
820

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirdiler. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys ugurlaryny, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň DIM-niň ýolbaşçylary dürli derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýändigini bellediler. Bu ugurda gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de dünýäde häzirki epidemiologik ýagdaýlar kadalaşandan soň iki ýurduň wekilýetleriniň saparlarynyň guralmagyna taraplaryň taýýardygy beýan edildi. Gepleşikleriň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, nebit-gaz, gazhimiýasy pudaklarynda, şeýle hem oba hojalygy, dokma we gurluşyk senagatlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler. Türkmenistanyň senagat düzümlerini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlarynyň çekilmegi söhbetdeşligiň aýratyyn temasy boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň pudagara duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň möhümligi nygtaldy.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow