Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat
Jemgyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat
Çap edildi 17.09.2020
1609

Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy gerimi (SGHÄG) meselesi COVID-19 pandemiýasyna hem-de onuň getirýän netijelerine garşy çäre görmek bilen baglylykda maliýe we saglygy goraýyş ministrleriniň onlaýn görnüşde geçirilen bilelikdäki maslahatyň gün tertibine girizildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Aziýanyň Ösüş banky, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi tarapyndan guralan onlaýn görnüşdäki duşuşygyň esasy maksady täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreş hem-de saglygy goraýyş ulgamyna we SGHÄG-ne maýa goýumlaryny gönükdirmek meseleleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Bellenilişi ýaly, howply ýokanç keseliň pandemiýasy ählumumy çökgünlige getirdi, adamzadyň durmuşynyň ähli ugurlaryna oňaýsyz täsirini ýetirdi. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, pandemiýa adamlaryň saglygynyň hem-de dünýä we milli ykdysadyýetleriň durnukly ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezdi. Şunda SGHÄG-ni goldamak hem-de ilerletmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar, munuň özi ilat üçin ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň umumy elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer. Bu maksatlara ýetilmegi şeýle hem ykdysadyýetleriň çalt depginlerde gaýtadan dikeldilmegine we geljekde şunuň ýaly ählumumy wehimlerden goranmaga ýardam berer, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň durnukly ösüşi hem-de abadançylygy üçin amatly şertleri emele getirer. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 pandemiýasy ýüze çykan pursadyndan başlap, Türkmenistanyň tizden-tiz zerur çäreleri görmäge girişendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda öz wagtynda toplumlaýyn gorag çäreleri geçirildi, koronawirus keseline garşy göreş boýunça bitewi milli strategiýa işlenip düzüldi. Döwlet Baştutanymyzyň täze wehime garşy göreşde, şol sanda ylmy diplomatiýanyň we BSGG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça halkara tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary dünýä bileleşiginiň makullamagyna we goldawyna eýe boldy. Ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek bilen birlikde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin ähli şertler döredilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu ugurda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edip, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly üstünliklere ýetmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen öz toplan oňyn tejribesini paýlaşmaga taýýardyr.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow