Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 18.09.2020
885

Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljekki ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, Ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain hökümetara toparyny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda, hususan-da, gurluşyk ulgamynda, demir ýol tehnikalaryny ibermekde alyp barýan işiniň oňyn tejribesi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer gatnaşyklary, ilkinji nobatda, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygyny biragyzdan nygtadylar. Taraplar halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Ukrainanyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini, şeýle hem iki ýurduň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üçin şertleri üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň 2020-2021-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekdiler.

* * *
Şu gün Halkara pul gaznasynyň hanym Natalii Tamirisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda maslahatlaşmalaryň nobatdaky tapgyry geçirildi. Wideoduşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň meýilleri we çaklamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, 2020-nji ýylyň birinji ýarymy üçin maglumatlar seljerildi, şeýle hem şu ýyl üçin Döwlet býujetini ýerine ýetirmek hem-de 2021-nji ýyl üçin býujetiň taslamasy boýunça kesgitlenen görkezijiler seljerildi. Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geljek ýyl üçin Döwlet býujeti işlenip taýýarlanylanda birnäçe ugurlar we daşarky töwekgelçilikler nazara alynýar, şeýle hem durmuş maksatnamalaryna, durnukly ösüşe hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna üns berilýär. Duşuşyga gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň oktýabr aýy üçin Halkara pul gaznasynyň “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi” atly maglumatyny taýýarlamak baradaky meselelere seretdiler. Onda ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistan boýunça ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegine, COVID-19 pandemiýasynyň täsirine baha berildi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmek üçin Halkara pul gaznasynyň maslahatlary milli Liderimiziň öňde goýan maksatnamalaýyn wezipeleri hem-de Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty bilen sazlaşýar. Şu günki duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatynyň berkidilmegine maýa goýumlaryny artdyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän toplumlaýyn çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi. Halkara pul gaznasynyň yzygiderli geçirýän çaklamalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan ösmegini ynamly dowam edip, giň gerimli meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirýändigini tassyklaýar. Düzümleýin we ýokary hilli özgertmeleriň barşynda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasy kämilleşdirilýär, ol dünýä boýunça zähmet, ählumumy söwda we maglumatlar gatnaşyklaryna işjeň goşulýar. Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar hem-de durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmeleri goldamak üçin tehniki kömegi berýär.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow