Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan we Russiýanyň Astrahan oblasty söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Syýasy habarlar
Türkmenistan we Russiýanyň Astrahan oblasty söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Çap edildi 19.09.2020
998

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň başynda sebitiň ýolbaşçysy koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýran döwri Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ibermek kararyna gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu päkniýetli kömek Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastyny baglaşdyrýan hoşmeýilli goňşuçylyk we dostluk ýörelgeleriniň nusgasy boldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri özara söwda dolanşygy ABŞ-nyň 6,9 million dollaryna barabar boldy. Gubernator I. Babuşkiniň pikirine görä, hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasy üçin amatly mümkinçilikler bar. Hususan-da, Astrahan oblasty Türkmenistana oba hojalyk pudagynyň we balykçylyk önümlerini ibermegi ýola goýmaga taýýar. Öz gezeginde, sebit türkmen dokma önümlerine, pagta süýümine we polipropilene gyzyklanma bildirýär. Gubernator ykdysady gatrnaşyklaryň gün tertibini, mümkinçilik dörän ýagdaýynda, ýurdumyza sapary wagty ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Gepleşikleriň barşynda RF-iň hökümetiniň Russiýanyň günortasynda iri logistik merkezleriniň birine öwürmäge niýetlenen Astrahan oblastynda aýratyn ykdysady port zolagyny döretmek barada kabul eden kararyny göz öňünde tutmak bilen ulag-üstaşyr geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle hem Astrahanyň gämi ussahanalarynda Türkmenistan üçin gämileri gurmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň üstünden Demirgazyk-Günorta ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek üçin degerli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Wolga derýasy bilen Moskwa-Astrahan- Hazarýaka döwletleri ugry boýunça ýük we gezelenç gatnawyny ýola goýmak bu taslamanyň bir bölegidir. Gubernator şeýle hem Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda göni parom gatnawynyň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady. I.Babuşkin häzirki wagtda 2021-nji ýylda Moskwada 2-nji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigini habar berdi. Şu ýylyň 30-njy oktýabrynda Astrahanda geçiriljek etnomedeni gatnaşyklara bagyşlanan Hazar mediaforumy bu işiň bir tapgyrydyr. Taraplar Türkmenistan bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasynda ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda Magtymguly adyndaky orta mekdebiň gurulmagy hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň mysallarynyň biridir. Sebitiň baştutany pursatdan peýdalanyp, bu mekdebe türkmen dili mugallymynyň iberilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda gubernator Igor Babuşkin köpugurly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa saglyk, abadançylyk we döwlet işinde üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow