Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
Çap edildi 25.09.2020
1282

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir gününde taryha altyn harplar bilen ýazyljak beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde, merdana halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmekde, ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesiller bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Il-ýurt bähbitli, möhüm döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, berkarar Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşýarlar. Biz eziz Diýarymyzda tutumly başlangyçlara hemişe hormatly ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris. Şoňa görä-de, ýaşuly nesliň barha kämilleşýän jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlarymyzy watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, päk ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz hemişe ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň professory Amanguly Magtymowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň direktory Berdinyýaz Atabaýewiç Babanyýazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri Myrat Öwezgeldiýewiç Haitowa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Aga Narçaýewe, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Akmyrat Kertikowa, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň müdiri Mämmetguly Meretdurdyýewe, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň Ahal obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Şamyrat Goçmyradowa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň umumy tehniki dersler kafedrasynyň uly mugallymy Amanmyrat Orazgulyýewe, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 1-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Şamyrat Hydyrowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Döwletnyýaz Hojaýewe, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Aranowiç Allaýewe, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Arazmet Jumagulyýewe, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Nurnepes Jumaýewe, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Farap etrap hassahanasynyň anesteziologiýa-reanimasiýa bölüminiň lukmany Kammyl Kerimowa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiniň müdiri Rozykuly Beşimowiç Huddyýewe, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Mülk geňeşliginiň Gyzan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Ylýasowa, Mary welaýatynyň «Gurbanguly Hajy» dini guramasynyň başlygy we baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri Amangeldi Täşliýewiç Hommakowa, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täze durmuş geňeşliginiň Täze durmuş obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kakadurdy Eşekowa. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabry.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow