Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary
Syýasy habarlar
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary
Çap edildi 28.09.2020
935

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Hindistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly ösüş, berk hyzmatdaşlyk baglanyşyklary we halklarymyzyň ýakyn aragatnaşygy bilen häsiýetlenýändigini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hindistan Türkmenistan bilen köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berýär we ýurtlarymyzyň bähbitlerine ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyr. Hindistan Türkmenistan bilen taryhy gatnaşyklara — özara ynanyşmak, halklarymyzyň arasyndaky parahatçylygy berkitmek garaýyşlarynyň umumylygyna we durnukly ösüşe esaslanýan ýakyn hem-de dostluk gatnaşyklaryna uly üns berýär. Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň biziň özara hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de berkitjekdigine ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Ram Nath KOWIND, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Size Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň hem-de däpleriň umumylygy birleşdirýän Pakistanyň we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de dürli ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigine ynam bildirýärin. Pakistan we Türkmenistan biziň birek-birege özara hormat goýmak hem-de düşünişmek gatnaşyklarymyzyň derejesini ýokarlandyrmak arkaly ýakyn we doganlyk gatnaşyklaryny goldaýarlar. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda doganlyk ýurtlarymyz hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze sepgitlere çykdy. Men ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin Siziň Alyhezretiňiz bilen işleşmegi dowam etmäge umyt bildirýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Arif ALWI, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Size italýan halkynyň adyndan we hut öz adymdan milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Mende iň gowy ýatlamalary galdyran Siziň Rime geçen ýyldaky saparyňyzdan soň, biz Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň giňdigine we köpugurlydygyna göz ýetirdik. Italiýanyň Merkezi Aziýa sebitine berýän uly ünsi bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň olary baglanyşdyrýan gatnaşyklary ösdürjekdigine ynanýaryn. Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna ýene-de bir gezek abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin. Serjio MATTARELLA, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Size we dostlukly türkmen halkyna ýurduňyzyň milli baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Soňky ýyllarda Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigine örän begenýärin hem-de bu meýliň mundan beýläk-de saklanjakdygyna umyt edýärin. Wenger tarapynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygy barada Sizi ynandyrýaryn. Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Ader ÝANOŞ, Wengriýanyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Size Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli bolgar halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Biziň düýpli döwletara gatnaşyklarymyzyň bolgar hem-de türkmen halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek däplerine eýerip, ähli ugurlarda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin. Size berk jan saglyk we ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikler, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn öňegidişlik hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Rumen RADEW, Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siriýanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek babatyndaky bilelikdäki tagallalarymyzyň ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ýurtlarymyzyň bähbidine ýokary derejä çykarjakdygyna ynanýaryn. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Başar AL-ASAD, Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Palestina Döwletiniň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy iberýärin. Size berk jan saglyk, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky taryhy doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýärin. Mahmud ABBAS, Palestina Döwletiniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Size we Siziň ýurduňyzyň dostlukly halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin. Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin. Kim Çen YN, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow