Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan — BMG: adam hukuklary ulgamynda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 02.10.2020
4373

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMGÖM-niň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda adam hukuklary boýunça 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmek boýunça taslamanyň iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Taslamanyň esasy maksady ýurdumyzda adam hukuklary babatda halkara şertnamalara laýyklykda hem-de Türkmenistanda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu taslamanyň çäklerinde ýokarda agzalan meýilnamanyň ýerine ýetirilmegine hem-de adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmekde ýardam bermek göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleriň görülýändigi bellenildi. Kanunçylyk binýadyna seljerme bermäge hem-de ony hukuk taýdan iş ýüzünde ulanmakda hereket edýän kadalar bilen sazlaşdyrmak, adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklary we azatlyklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny amala aşyrmagy boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Adam hukuklary ulgamynda halkara şertnamalaryň düzgünleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy baradaky meseleler yzygiderli seljerilýär. Umumylaşdyrylan maglumatlar degişli konwensiýalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň milli hasabatlary üçin teklipleri taýýarlamak işinde peýdalanylýar. Şu babatda kabul edilen iş meýilnamasy adam hukuklary boýunça BMG-niň milli döwürleýin hasabatlaryny taýýarlamak babatda halkara tejribäni öwrenmäge, hereketleriň täze Meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmäge, şeýle hem döwlet işgärleriniň, talyplaryň we ilatyň arasynda adam hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow