Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
DIM-de Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň mejlisi geçirildi
Syýasy habarlar
DIM-de Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň mejlisi geçirildi
Çap edildi 03.10.2020
891

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň düzümi tassyklandy. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli ugurlar boýunça orunbasarlary, ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow cykyş edip , Türkmenistanyň Hazar meseleleriniň oýlanşykly çözgüdiniň işlenilip taýýarlanylmagynda işjeň orun eýeleýändigini nygtady. Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kemala gelmeginde Türkmenistanyň möhüm orun eýeländigi we halkara hukugynyň çäklerinde hazarýaka ýurtlaryň ählisi bilen ýakyn gatnaşyklar hem-de ekologiýa aýratynlyklary nazarda tutulyp, bu işiň dowam edilýändigi bellenildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde dürli ugurlarda Hazarda özara gatnaşyklaryň hukuk kadasyny berkidýän esaslaýyn resminama- Ha¬zar deň¬zi¬niň hukuk de¬re¬je¬si ba¬ra¬da¬ Kon¬wen¬si¬ýa¬ gol çekilendigine, baryp 2002-nji ýylda Türkmenistanda bu taslamanyň işlenilip taýýarlanylyp başlanandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň mundan beýläk hem özara hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda Hazar deňzi boýunça özara bähbitli, şol sanda ykdysadyýet, ekologiýa, howpsuzlyk, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça tagallalary durmuşa geçirjekdigi nygtaldy. Şunda ýurduň daşary syýasat ugrunda ileri tutulýan ekologiýa diplomatiýasynyň jähtinden howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak, ýaşyl ykdysadyýeti ilerletmek meselelerine aýratyn üns berler. DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmeginiň möhümligini belledi. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylaryň ünsi hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak we gerimini giňeltmek üçin degişli hukuk hem-de ykdysady gurallaryň işlenilip taýýarlanylmagynyň wajyplygyna çekildi. Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, Hazar sebitiniň döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagy maksady bilen bu ugurda netijeli işleri dowam eder.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
20.06
Türkmenistan – Özbegistan: goňşuçylyk gatnaşyklary giňeldilýär
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
top-arrow