Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan-Hindistan: dostlukly halklaryň bähbidine hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Türkmenistan-Hindistan: dostlukly halklaryň bähbidine hyzmatdaşlyk
Çap edildi 20.10.2020
881

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri şu gün Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýokary derejede ýola goýlan hyzmatdaşlyk şol gatnaşyklaryň berkidilmegine hyzmat edýär. Hususan-da, öňde agzalyp geçilen telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň Baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen, şol sanda ýurdumyzyň senagatlaşdyrma tarap alan ugruny nazara almak bilen ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Türkmenistan öz tarapyndan hindi kompaniýalaryna maýa goýum taslamalaryny amala aşyranda, zerur bolan goldawy bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalyk, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk materiallaryny öndürmek ýaly ugurlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine seretmäge çagyrdy. Daşary ýurtly diplomat netijeli türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge taýýarlygy tassyklap, Hindistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň hem-de öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygyny aýdyp, şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygynyň dünýä bileleşigi üçin ähmiýetiniň uludygyny aýratyn belledi. Dostlukly döwletiň ilçisi ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleri, onuň düzümi hem-de işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesini, milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrylýan halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, mäkäm kanunçylyk hukuk binýady döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen bir hatarda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligine netijeli goşulmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasaty parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmagyň, ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam edýän geňeşmeleri we duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow