Baş sahypa
\
Sport
\
2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar
Sport
2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar
Çap edildi 23.10.2020
27628

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde habar berlişine görä, Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Türmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda guramaçylyk komitetiň düzümi döredildi we tassyklanyldy, bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer M. Geldinyýazow 2021-nji ýylda Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Kararyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça teklibi beýan etdi. Welosipedçileriň halkara birleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşigini 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany welotrek boýunça geljek ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly teklipleri oňlap, bu işlere örän çynlakaý girişmegi tabşyrdy.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow