Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň ykdysady gazananlary — wirtual sergide
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň ykdysady gazananlary — wirtual sergide
Çap edildi 01.11.2020
4775

Şu gün Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri sergä taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, «Wirtual sergi» taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň gazanylýan üstünlikleri beýan etmek, netijeli mahabat çärelerini guramak üçin oňyn mümkinçilige öwrüljekdigini belledi. Şeýle hem ol ygtybarly hyzmatdaşlaryň ýüze çykmagyna, täze şertnamalaryň baglaşylmagyna, bazaryň meýillerine we öz mümkinçilikleriňe göz ýetirmäge şert döreder. Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly guralan ilkinji internet-sergi milli Liderimiziň halk hojalygy toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini, şeýle hem 2020 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasat işini ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmaga bolan möhüm ädimi äşgär edýär. Ýöriteleşdirilen internet-portallarda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri kärhanalary we sebitleri wirtual bölümleri gurap, daşary ýurtly hyzmatdaşlary we beýleki köp sanly internet serişdelerini ulanyjylary alyp barýan işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler, uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler we ägirt uly eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrdylar. Serginiň her bölüminde görkezilýän önümler we aragatnaşyk hem-de elektron poçta salgysy arkaly ýola goýulýan hyzmatlar baradaky maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýändigini aýratyn bellemeli. Şeýlelikde, ýörite taýýarlanylan önümleriň we umumy elýeterliligi bolan elektron serişdeleriň üsti bilen ählumumy ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ýeten derejesini görkezmek gyzyklanma bildirýänler üçin islendik pudak barada zerur bolan maglumatlary diňe bir gije-gündiziň dowamynda almaga däl, eýsem, birnäçe ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen göni aragatnaşyga çykmaga mümkinçilik berer. Açyk portallara salgylanmak arkaly saýtlarda guralan wirtual sergä gatnaşyjylar öz guraýan sergilerini baýlaşdyrmak we zerur bolan halatynda goşmaça maglumatlary girizmek mümkinçiliklerine eýe boldular. Täze taryhy eýýamda gazanylýan üstünlikleri görkezýän bölümler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýe bolýandygyny we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek we önümleriň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleriň gazanylýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Wirtual serginiň guralmagy sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde ýurduň innowasion ösüşi ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler ýerli işläp taýýarlamalary, önümleri we tehnologiýalary döretmek üçin oňyn mümkinçilik bolup durýar. Şeýlelikde, ählumumy nusgalara eýermän we taýýar sanly çözgütleri ýerine ýetirmän, öz önümçiligimiziň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet bermeli. Serginiň çäklerinde Watanymyzyň dünýä ulgamyna işjeň goşulýan täze ykdysady ugrunyň kemala gelýändigi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, onuň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň oňyn guraly giňden beýan edilýär. Şeýlelikde, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegiň çäklerinde häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýän ýokary hilli önümlerini hödürlemek arkaly dünýä bazarlarynda öz ornuny pugtalandyryp, eksport kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýar. Geografik taýdan çägi bolmadyk täze internet-taslamanyň dünýäniň ähli künjeklerinde uly meşhurlyga eýe boljakdygy gürrüňsizdir. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýubileý ýylynda ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow