Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 07.11.2020
2815

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, ABŞ-nyň, BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah hem-de jinsi matasyny, şeýle hem nah ýüplügi, reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 346 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 12 million 986 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini, powidon-ýod erginini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow