Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Rönesans Holding» kompaniýasynyň prezidenti hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirdi
Syýasy habarlar
«Rönesans Holding» kompaniýasynyň prezidenti hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirdi
Çap edildi 08.11.2020
1122

«Rönesans Holding» kompaniýasynyň prezidenti Erman Ylyjagyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda şeýle diýilýär: «Rönesans Holding A.Ş.» kompaniýasynyň adyndan we öz adymdan «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde mähirli kabul edendigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Şol taslama boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolmak kompaniýamyz üçin uly hormatdyr we biziň goşandymyzyň türkmen paýtagtynyň gözelligini we ajaýyplygyny has-da artdyrjakdygyna umyt edýärin. Şeýle hem Siziň ylmy işiňiziň -- «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň» 12-nji kitabyny sowgat berendigiňiz üçin aýratyn hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Size berk jan saglyk, ruhubelentlik, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!»

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow