Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 10.11.2020
1121

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri BMG-niň Interneti dolandyrmak boýunça forumynyň (IGF) her ýyl geçirilýän maslahatynyň çäklerinde şu günler wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilýän «Parlament tegelek» stoluna gatnaşdylar. Şu ýyl onuň on bäşinji maslahaty boldy. IGF — 2020 Parlamentara birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan çärä adamlaryň durmuş we abadançylyk şertlerini, hususan-da, COVID-19 döwründe ynamy pugtalandyrmak hem-de ondan soňra dikeltmek usullary arkaly gowulandyrmakda internet tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, dünýäniň ähli künjeklerinden parlament agzalary ýygnandylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň IGF-niň çärelerine gatnaşmagy ýurdumyzyň maglumatlar jemgyýetini hem-de sanly tehnologiýalary ösdürmek babatynda gazananlarynyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmak işlerini milli ykdysadyýetde ulgamlaýyn meseleleriň çözülmeginde, netijede, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynda ileri tutulýan mesele hökmünde kesgitledi. Bellenilişi ýaly, bu forum öňdebaryjy tejribäni alyşmak üçin öz wagtynda döredilen oňyn meýdança bolup hyzmat edýär, munuň özi milli derejede Interneti dolandyrmak üçin kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamda kadalaşdyryş-hukuk üpjünçiligi boýunça yzygiderli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýandygy bellenildi. Soňky ýyllarda Mejlis Türkmenistanyň “Aragatnaşyk hakynda” (2019-njy ýylda rejelenen görnüşi), “Türkmenistanda Internet toruny ösdürmegi hukuk taýdan kadalaşdyrmak we Internet hyzmatlaryny etmek hakynda”, “Maglumatlar we ony goramak hakynda”, “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” we beýleki kanunlaryny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Bu resminamada bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi maýa goýum işjeňliginiň ösdürilmegine, döwleti dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etjekdigini belledi. Konsepsiýa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň hem-de jemgyýetçilik ulgamynyň işleriniň netijeliliginiň maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, zerur düzümleriň, IT-kompaniýalarynyň ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, işgärler bilen üpjünçilik meseleleriniň oňyn çözülmegi we beýlekiler esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Göz öňünde tutulan işleriň ýakyn ýyllarda amala aşyrylmagy bu Konsepsiýada anyk kesgitlenilen maksatlara ýetilmegini tizleşdirer. Duşuşygyň barşynda durmuş dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda maglumat tehnologiýalarynyň orny nygtaldy. IT-tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyňadamlaryň häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmak işlerini gowulandyrmakda möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu ýyl Interneti dolandyrmak boýunça forumyň her ýylky maslahaty “Adam durnuklylygy we raýdaşlygy üçin Internet” diýen umumy at bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilýär.

***
Şu gün Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda (ÝHHG) geçirilen okuw maslahatynda Türkmenistanda sanly habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Webinara gatnaşmaga Daşary işler ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), ýurdumyzyň gazetleriniň we žurnallarynyň redaksiýalarynyň wekilleri çagyryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bu gün Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän degişli konsepsiýa hormatly Prezidentimiziň bu ugurda bellän gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Bu okuw maslahaty ÝHHG bilen bilelikde durmuşa geçirilýän ýyllyk meýilnamanyň çäklerinde milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanly ulgamyny ösdürmek boýunça guralýan möhüm çäreleriň birine öwrüldi. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, ösen döwletleriň durmuşynda maglumat tehnologiýalary möhüm orun eýeleýär. Şu babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bazaryna ynamly çykýan ýurdumyzyň žurnalistikasyna möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda täze internet web-saýtlaryny döretmek hem-de metbugat köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe tapgyrlaýyn geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatyna gatnaşyjylar milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň internet giňişligine giňden aralaşmagy halkara bileleşiginiň häzirki Türkmenistan, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünlikleri barada habarlylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow