Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyşlary
Ykdysadyýet
Ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyşlary
Çap edildi 19.11.2020
4549

Şu gün Gökdepe etrabynda hususy işewürlik ulgamynyň senagat desgasynyň — demir-beton önümlerini öndürýän zawodynyň açylyş dabarasy boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamynda bu desganyň aýratyn ähmiýetli baýramçylyk bolan Watanymyzyň Bitaraplygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllygynyň öň ýanynda ulanylmaga berilmeginiň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydygy bellenildi. Şol maksatnamanyň möhüm ugry içerki bazarda uly islege eýe bolan önümleriň dürli görnüşlerini çykarýan döwrebap önümçilikleri döretmegiň hem-de çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmak bilen birlikde, ekologiýa abadançylygynyň saklanylmagyna gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak boýunça wezipeleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Döwrebap senagat düzümleriniň döredilmegine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, örän uly maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu bolsa sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge we umuman, ýurdumyzy ykdysady taýdan gülledip ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge hyzmat edýär. Bu giň gerimli işlere ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar, häzirki wagtda olaryň öňünde oňat mümkinçilikler açylýar. Döwletimiziň berýän maksada gönükdirilen goldawlary netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli pudaklarda iri taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik aldylar. «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze desganyň umumy meýdany 6 gektara barabardyr. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy — ölçegi 300 millimetrden 1200 millimetre çenli bolan ýylda 500 müň metr demir-beton turbalaryny çykarmakdan ybaratdyr. Desganyň çäklerinde dolandyryş binasy, önümçilik bölümleri hem-de beýleki kömekçi binalar ýerleşdirildi. Bu ýerde 100-den gowrak iş orunlary, zähmet çekmek üçin zerur şertler döredildi. Oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlar ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň esasynda önümleri öndürmäge, buýrujylara halkara talaplara we ölçeglere kybap gelýän demir-beton önümleriniň örän köp görnüşlerini teklip etmäge kärhana mümkinçilik berer. Önümleriň ýerli çig maldan taýýarlanylmagy ahyrky önümiň özüne düşýän gymmatyna we hiline oňyn täsir edýär. Gökdepe etrabyndaky şanly waka Diýarymyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň oýlanyşyklydygyny we netijelidigini nobatdaky gezek görkezýär. Döwlet Baştutanymyz hususy ulgamyň milli ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülýändigini, hemme pudaklaryň has ýokary derejä çykmagyna ýardam berýändigini nygtaýar. Welaýatyň aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu ýere ýygnananlar telekeçilik ulgamyny höweslendirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi, halkymyzyň hemme ugurlar boýunça mynasyp durmuşyny üpjün etmek baradaky ählitaraplaýyn aladalary üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň senagat pudagyndaky ýokary kuwwatlyklar bilen bilelikde, alnyp barylýan işleriň netijeliligini we hilini artdyrmaga, ýurdumyzyň sebitleriniň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow