Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 22.11.2020
1056

Şu gün Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde onlaýn maslahat görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Owgan tarapyndan suw serişdeleri ministriniň tehniki meseleler hem-de suwy kadalaşdyrmak boýunça orunbasary Waýs Ahmad Baseri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda gün tertibine laýyklykda, Amyderýa hem-de Murgap we Tejen derýalarynyň suwlaryny ylalaşykly peýdalanmak boýunça iki ýurduň degişli edaralarynyň özara gatnaşyklary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseläniň zerurlygy Merkezi Aziýada oba hojalygy we senagat üçin, elektrik energiýasyny öndürmek, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýan suw serişdeleriniň esasy çeşmeleriniň derýalar bolup durýandygy bilen baglydyr. Olar serhetüsti geçýän Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek derýalarydyr. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda halkara hukugynyň düzgünlerine laýyklykda hem-de taraplaryň bähbitleriniň özara nazara alynmagynyň esasynda serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek barada aýtdylar. Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Suw diplomatiýasy döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynyň ähmiýetli ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri maslahatlaryň belent münberinden beýan eden halkara başlangyçlary bu meseläniň ähli ugurlary boýunça sebit we sebitara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, şol meseleler serhetüsti suw serişdelerini toplumlaýyn we sazlaşykly peýdalanmagyň özara kabul ederlikli usulyny işläp taýýarlamak bilen baglydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, olar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen çözülmelidir.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow